Mawy alyslyklar bizi ýakynlaşdyrýar (Ýaş žurnalistiň sözi)

11 Awgust 2023
431

Ilkinji gezek «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşinde geçirilen Aşgabat duşuşygy barada söhbet

Eger-de siz meşhur rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyň «Aziýanyň mawy alyslyklary» atly eserini okan bolsaňyz, onda: «Meni mawy alyslyklar, syrly pars daglary, Aziýa syýahat etmek arzuwy özüne çekýärdi» diýen jümlä gabat gelensiňiz. Taryhyň dowamynda, gör, näçe adamlar mawy alyslyklara ýaýylyp gidýän Aziýany görmegi, tebigatyny synlamagy, bu ýerleriň beýik medeniýetine aralaşmagy arzuw edipdir. Ol hakynda uly-uly syýahatnamalar, ölmez-ýitmez eserler döredilipdir. Biziň söhbedimiz hem ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyran, täsin, gaýtalanmaz tebigaty, haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan, tebigy baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan Aziýanyň merkezi sebitinde ýerleşýän üç ýurduň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 4-nji awgustynda üçtaraplaýyn görnüşde geçiren ilkinji duşuşygy dogrusynda.

Kakajan ÇARYÝAROW,
«Nesil».
Beýleki habarlar