Hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

12 Awgust 2023
384

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti goňşy, dostlukly ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň özboluşly dabaralanmasy boldy. Ýokary derejedäki taryhy duşuşyk dünýä ýaň saldy. Ol döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýaly ýörelgeleriň ýokary derejä çykandygyny ýene bir ýola açyp görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşyny teleýaýlym arkaly ünsli diňledik. Umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly meseleler, aýratyn-da, durnukly suw üpjünçiligi, energetika, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlar barada aýdylanlar uly täsir galdyrdy.

Halkymyzda suwa aýratyn sarpa goýulýar. Täze taryhy döwrümizde pederlerimiziň suwa aýawly garamak babatdaky ýörelgelerine berk eýerilmegi, suwy tygşytly we netijeli ulanmaga döwlet syýasatynda aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat sammitinde suw serişdelerinden akylly-başly peýdalanmagyň möhüm işleriň hatarynda görkezilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Ylaýta-da, ýurtlarymyzyň suwa isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly kanagatlandyrmakda önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýetiniň uludygy bilen bagly aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar