Halkara dialog — türkmen diplomatiýasynda strategik ugur

11 Awgust 2023
732

Aşgabadyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň merkezine öwrülendigi indi hiç kim üçin täzelik däl. Forumlar häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine mynasyp goşant goşýar. Dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesinden we şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän hoşniýetli daşary syýasatdan gelip çykýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzir hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işler dünýäde kanagatlanma bilen kabul edilýär.

Aşgabat ýene-de halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi. 4-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygyny dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňden beýan edip, onuň işine ýokary baha berdi.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar