Hazar — dost-doganlygyň deňzi

14 Awgust 2023
492

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. Şu ýyl bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky şol günki çäreleriň ähmiýetini artdyrdy.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

«Watan».
Beýleki habarlar