Halkara gümrük hyzmatdaşlygy

15 Awgust 2023
664

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda döwrebap ösüşler gazanylyp, guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem öz işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly döwrebap derejede guraýar. Şonuň bilen bir hatarda, halkara gümrük hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrýar. Serhetleşýän goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berip, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini artdyrmaga, eksport harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär.

Soňky ýyllarda dürli ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygymyz barha ýokarlandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakyndaky Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekilmeginiň özi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Annagurt KULIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar