Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

10 Awgust 2023
448

4-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan tagallalary birleşdirmäge çagyrýar

Beýleki habarlar