Sebit bähbitli başlangyçlar

12 Awgust 2023
435

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň gözel paýtagtymyzda ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti netijeli döwletara we sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boldy. Aşgabat sammiti ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýan türkmen, täjik we özbek halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, sebitiň üç ýurduny durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly ösdürmäge täze mümkinçilikleri açdy. Üçtaraplaýyn duşuşykda köp sanly wajyp meseleler öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiliginiň derwaýys meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň suwa islegini özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologik çözgütler barada aýtdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda suwaryş ulgamyny döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Suwy tygşytly ulanmak, suwaryşyň dürli ölçegdäki geçirijiler arkaly hem-de damjalaýyn usullaryny ornaşdyrmak, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ýaly işlere-de aýratyn üns berilýär.

Ata-babalarymyz topragy hazynalar çeşmesine, suwy hasylyň enesine deňäpdir. Bütin barlygyň dowamatynyň esasy çeşmesi saýylan suwuň gadyr-gymmaty belent tutulypdyr. Täze eýýamymyzda daýhançylygyň ozaldan dowam edip gelýän däpleri tehnologiýalar asyrynyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylýar. Suwdan tygşytly peýdalanmak ýörelgesi toprakdan alynýan hasylyň özüne düşýän gymmatyny azaltmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak ýaly bähbitli ugurlary nazarlaýar. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetimizde suw meselesine aýratyn jogapkärçilik bilen garalýar. Täzeçe garaýyşlar, oýlanyşykly çemeleşmeler öz netijesini berýär. Indi birnäçe ýyl bäri ýüzlerçe gektar meýdanda gowaçalar damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu usul doly derejede gögeren nahalyň siňňitli hem gerekli mukdarda suwlulandyrylmagyny, iň esasy hem mele suwuň ulanylyşyna tygşytly çemeleşilmegini üpjün edýär. Şeýle usulyň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir pagtaçylykda däl, eýsem, gök we bakja önümçiliginde-de peýdalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň täzeçillikler babatdaky tabşyryklaryna laýyklykda, hojalygymyzda damjalaýyn usulda suwarylýan ýerleriň möçberi barha artýar. Dost-doganlygyň has pugtalanýan, halkara hyzmatdaşlygyň has işjeňleşýän döwründe döredijilikli zähmet çekmek, abadançylykda ýaşamak döwletlilikden nyşandyr.

Kamil ROZMETOW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar