Hazar — mümkinçilikleriň deňzi

11 Awgust 2023
347

Žurnalistleriň biri: «Hazar — deňizden has uly hazyna» diýmek bilen, onuň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine örän jaýdar baha beripdir. Taryhda 70-den gowrak ada eýe bolan we dünýäniň ösen döwletleriniň nazary gönükdirilen gojaman Hazar häzirki wagtda köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şol ugurlarda sebitiň döwletleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar bolsa Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi. Muňa her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýeti dünýä ykbalyna dahylly meselelere utgaşýan Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi hem şaýatlyk edýär.

Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan Hazarýaka hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Adamzat taryhynda ägirt uly syýasy ähmiýete we ykdysady kuwwata eýe bolan Hazaryň bu günki ykbaly hem-de geljegi bilen bagly meseleler turuwbaşdan ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Degişli ugurda ata Watanymyzyň Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek babatda öňe süren möhüm başlangyçlary esasynda 21 ýyl mundan ozal badalga alan sammitleriň ilkinjisi 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirildi. Hazarýaka döwletlerinde yzygiderli ýagdaýda geçirilen umumyhazar forumlarynda gol çekilen ençeme ylalaşyklardyr resminamalar häzirki günde Hazarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyna öwrüldi. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň VI sammiti bolsa Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny — syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýan netijeli gepleşikleriň meýdançasy boldy.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
«Nesil» gazetiniň ykdysady synçysy.
Beýleki habarlar