Ykdysady hyzmatdaşlygyň batly gadamlary

16 Awgust 2023
318

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyz durmuş-ykdysady özgertmeleriň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki döwürde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alnyp, halk hojalygynyň pudaklaryna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlary, innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, erkin ykdysady zolaklar dürli ýurtlarda ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli guraly, tehnologik, durmuş we ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä tejribesini öwrenip, işleri netijeli guramak bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Erkin ykdysady zolaklary döretmek, olara içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen esasy wezipeleriň biridir. Erkin ykdysady zolaklar — döwletiň araçäginde aýratyn hukuk derejesine eýe bolan hem-de işewürlik üçin salgyt ýeňillikleri, ýörite walýuta we gümrük düzgünleri ýaly şertler göz öňünde tutulan ýerlerdir. Şeýle zolaklaryň döredilmeginiň esasy maksatlary döwletiň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, senagat düzümlerini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly bähbitler bilen pugta baglydyr.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar