"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlylyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Duşenbe şäheri) Hormatly jenap Başlyk!

Türkmenistan — Täjigistan: abadançylyga gönükdirilen tagallalar

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebitleýin görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Prezidentler birek-biregi döwletleriň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Ygtybarly geljek üçin ynamly hyzmatdaşlyk

Hoşniýetli goňşuçylyk esasynda

Golaýda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: sebitara dialogda milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň nobatdaky dabaralanmasy

Hyzmatdaşlyk. Haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, bu ýekeje söze adamzat ir döwürlerden bäri diňe gowy zatlary siňdirmäge çalşypdyr. Bu sözde adamzadyň özara ynanyşmak, arkalaşmak, daýanyşmak, birek-birekden gowy zatlary öwrenmek hem-de paýlaşmak ýaly oňyn sypatlary jemländigi aýan. Şolary gazanmak üçin bolsa hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň arasynda iň esasy zat — özara ynam gerek. Ynam — syýasatda, halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada binýatlyk ýörelge. Şol bolmasa, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak howaýylygyna galýar. Şol hakykatdan ugur alynsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeden garamak baradaky başlangyçlarynda öňe ädilen ädimdigini görmek bolýar. Milli Liderimiziň daşary syýasat ugrundaky sebit — yklym — dünýä halkasynyň bitewi zynjyrynda sebitara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Bitarap Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaş düzümleriň biri-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr (ŞHG). Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlarynyň goldanylmagynda bu guramanyň mynasyp paý

Geljegi uly hem ygtybarly hyzmatdaşlyk

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

17-nji sentýabrda milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde Täjigistan Respublikasynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi hem-de hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramadyr.

Söwda ulgamynda sanly hyzmatlar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge barha möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

«Expo 2020 Dubai» myhmanlara garaşýar

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açyljak «Expo 2020 Dubai» sergisine durmuşy özgertjek innowasiýalary açmaga tutuş dünýäden 25 milliondan gowrak adamyň gelerine garaşylýar. Bu ägirt uly çäre hyzmatdaşlygy we çözgütleri işläp taýýarlamagy höweslendirmäge gönükdirilendir. Çünki dünýä pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmäge tarap hereket edýär. Sergini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda «Bilelikde oýlanyp, geljegi döredýäris» («Connect thoughts, create the future») şygary astynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Expo 2020 Dubai» sergisine geljek 25 million adamyň 70 göterimi daşary ýurtly myhmanlar bolar.

Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrar

Daşkent şäherinde 15-nji sentýabrda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýakyn geljekde türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn ugurlary bellenildi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumlary esasynda 160 sany kärhana hereket edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20% ýokarlandy.

Täze gözýetimleri nazarlap

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda dostlukly ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan habar beriş maksatly çäre guraldy. Oňa Türkmenistanyň söwda-maýa goýum ulgamynda iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla Al-Haşemi çykyş edip, şu ýylyň 2-nji dekabrynda Garaşsyzlygynyň şanly 50 ýyllygyny belleýän Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdy geljek 50 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler, maýa goýum ulgamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Golaýda täze açylan invest.ae internet saýtynyň üsti bilen BAE-de telekeçilik işini alyp barmaga döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlyk çykyşyň esasyny düzdi we diplomat türkmen hususyýetçilerini maýa goýum ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Mediaforum: dostlukly göwünleriň söhbedi

15-nji sentýabrda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň mejlisler jaýynda halkara mediaforum geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu mediaforumy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de Döwlet habarlar agentligi bilelikde guradylar. Onda türkmen žurnalistleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ençemesinden iri habar beriş serişdeleriniň wekilleri wideoýazgy görnüşinde çykyş etdiler.

Täze mümkinçilikler

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda, BAE-niň maýa goýum serişdeleri bilen baglanyşykly wideoaragatnaşyk görnüşinde maslahat geçirildi. Onda çykyş eden daşary ýurtly hünärmenler maýa goýum serişdeleriniň ösüşi, onuň gazananlary we adamzat jemgyýetine ýetirjek oňyn peýdasy bilen bagly gürrüň etdiler. BAE geljekki 50 ýylyň täze meýilnamasyny düzýärler we ony durmuşa geçirýärler.

VI Hazar mediaforumy

Türkmenistanyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media-giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media-taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişliginde, şol sanda media giňişliginde eýeleýän ornuny berkidýän, umumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň bu foruma döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu mediaforumyň çäklerindäki gepleşikleriň usuly şu sebitde ähli ulgamlarda, şol sanda häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmek ýaly ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda täsirli gural bolup hy

Türkmenistanyň täze başlangyçlary

Mälim bolşy ýaly, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň wise-başlyklyk eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň resmi taýdan öz işini tamamlamagy bilen 76-njy mejlisi öz işine başlady. Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer başlangyçlary, teklipleri bilen işjeň çykyş edýän ýurdumyz 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlemekde netijeli işleri alyp bardy.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şuglaly sahypalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan—  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belent ruhubelentlige beslenip bellenilýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglara,  ýakymly sözlere, ajaýyp arzuwlara beslenen hatlardyr telefon jaňlary  diňe bir öz ildeşlerimizden däl, daşary ýurtly dostlarymyzdan hem gelýär. Biziň ýurdumyza gelip gören daşary ýurtly dostlarymyzyň ýürek buýsançlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary has-da täsirli. Gazetimiziň şu sanynda  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy, «Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň» başlygy Tanzilýa NARBAÝEWANYŇ ýürek buýsanjyna beslenen baýramçylyk gutlagyny size ýetirmegi makul bildik . — Türkmen-özbek halklary diňe bir goňşy oturan doganlyk halklar bolman, bir taryhda, bir ykbalda ýaşan halklar. Şu ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtynda boldy. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna gatnaşdy.

Hazaryň media giňişligi

Tebigat Hazara başga hiç bir deňze eçilmedik baýlygyny sahylyk bilen berip bilipdir. Üns berseňiz, köp halatda dünýä deňizleriniň gürrüňi diňe maddy nukdaýnazardan edilse, Hazar hakynda edilýän söhbetler umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan asylly maksatlary öz içine almak bilendir. Milli Liderimiziň: «Hazar hemişe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar» diýip nygtaýşy ýaly, Hazar — illeri dostlaşdyrýan deňiz, onuň türkmen kenary bolsa dost-doganlygyň mekanydyr. Ýaňy ýakynda, has takygy, 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.