Ygtybarly geljek üçin ynamly hyzmatdaşlyk

20 Sentýabr 2021
1313

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlyklary, sebitde we dünýäde ynsanlaryň abadan ýaşaýşyny gazanmaklygy nazarlaýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, Türkmenistan bu günki günde döwrüň derwaýys meselelerini çözmeklige işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde halkara giňişligindäki abraý-mertebesini günsaýyn artdyrmak bilen, dünýä arenasynda mynasyp orun eýeledi. Golaýda milli Liderimiziň Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý 20-nji sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasat diplomatiýasyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda möhüm ädim boldy.

2001-nji ýylda döredilen, häzirki wagtda düzümine Hindistan Respublikasyny, Gazagystan Respublikasyny, Hytaý Halk Respublikasyny, Gyrgyz Respublikasyny, Pakistan Yslam Respublikasyny, Russiýa Federasiýasyny, Täjigistan Respublikasyny hem-de Özbegistan Respublikasyny birleşdirýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitde we dünýäde öz ornuna eýe bolmak bilen, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýedir. Şuny nazarda tutup, Türkmenistan ŞHG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar