Netijeli hyzmatdaşlyk

20 Sentýabr 2021
1101

Geçen hepdäniň anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Beýleki habarlar