Hazaryň media giňişligi

15 Sentýabr 2021
1198

Tebigat Hazara başga hiç bir deňze eçilmedik baýlygyny sahylyk bilen berip bilipdir. Üns berseňiz, köp halatda dünýä deňizleriniň gürrüňi diňe maddy nukdaýnazardan edilse, Hazar hakynda edilýän söhbetler umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan asylly maksatlary öz içine almak bilendir. Milli Liderimiziň: «Hazar hemişe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar» diýip nygtaýşy ýaly, Hazar — illeri dostlaşdyrýan deňiz, onuň türkmen kenary bolsa dost-doganlygyň mekanydyr.

Ýaňy ýakynda, has takygy, 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar