Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

20 Sentýabr 2021
1336

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar