Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şuglaly sahypalary

16 Sentýabr 2021
1138

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan—  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belent ruhubelentlige beslenip bellenilýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglara,  ýakymly sözlere, ajaýyp arzuwlara beslenen hatlardyr telefon jaňlary  diňe bir öz ildeşlerimizden däl, daşary ýurtly dostlarymyzdan hem gelýär. Biziň ýurdumyza gelip gören daşary ýurtly dostlarymyzyň ýürek buýsançlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary has-da täsirli. Gazetimiziň şu sanynda  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy, «Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň» başlygy Tanzilýa NARBAÝEWANYŇ ýürek buýsanjyna beslenen baýramçylyk gutlagyny size ýetirmegi makul bildik .

— Türkmen-özbek halklary diňe bir goňşy oturan doganlyk halklar bolman, bir taryhda, bir ykbalda ýaşan halklar. Şu ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtynda boldy. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna gatnaşdy.

Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».
Beýleki habarlar