Türkmenistan — Täjigistan: abadançylyga gönükdirilen tagallalar

20 Sentýabr 2021
1377

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebitleýin görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Prezidentler birek-biregi döwletleriň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

"Nesil".
Beýleki habarlar