Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrar

19 Sentýabr 2021
1085

Daşkent şäherinde 15-nji sentýabrda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýakyn geljekde türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn ugurlary bellenildi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumlary esasynda 160 sany kärhana hereket edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20% ýokarlandy.

Taýýarlan: Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar