VI Hazar mediaforumy

16 Sentýabr 2021
1117

Türkmenistanyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media-giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media-taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişliginde, şol sanda media giňişliginde eýeleýän ornuny berkidýän, umumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň bu foruma döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu mediaforumyň çäklerindäki gepleşikleriň usuly şu sebitde ähli ulgamlarda, şol sanda häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmek ýaly ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda täsirli gural bolup hyzmat edýär. Çykyşlarda medaforumyň geçirilmeginiň sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýändigi, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýäýändigi nygtaldy.

Beýleki habarlar