Geljegi uly hem ygtybarly hyzmatdaşlyk

19 Sentýabr 2021
1207

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar