"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile»

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ençeme gymmatbahaly daşlar agzalyp, olaryň, hususan-da, göwher daşyň gymmaty, zergärçilik sungaty, daşlaryň adam saglygyna peýdasy barada bellenip geçilýär. Akyldar şahyrymyzyň zergärçilik sungaty bilen meşgullanandygyna taryh şaýatlyk edýär. Rus etnografy Wladimir Zaletaýew: «Men magtymgulyşynaslaryň öňünde akyldar şahyryň zergärçilik sungatynda galdyran yzlaryny öwrenmek ýaly ýeňil bolmadyk, ýöne diýseň gyzykly işiň bardygy hakynda pikir edýärin. Düşünişime görä, onuň döreden şaý-sepleri-de nepisligi bilen tapawutlanýan bolmaly» diýip belläp geçýär. Dana Pyragy: Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr —

Ýaş zehinleriň joşguny

Watan «Watan» sözi — örän mukaddes kelam,Watan seniň ojagyňdan başlanýar.Sowuklarda mähri bilen ýyladan,Eneleriň gujagyndan başlanýar.

Jaň sesinde bagtyýarlyk ýaňy bar

Birigün ýurdumyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçiriler Soňky jaň. Üýtgeşik jadysy bolan jaň sesi hiç kimi biparh goýanok. Sebäbi ak mekdeplerde okuw tamamlanyp, mugallymlar uçurym bolýan okuwçylaryny uly durmuşa ýola salýarlar. «Soňky jaňyň» dabarasy ak ýollaryň açaryny elinde saklap barýan anyk maksatly ýaşlara ajaýyp, ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär. Olar asmana uçurýan ak kepderileri mysaly, mekdep döwründe alan bilim-terbiýelerinden ganatlanyp, çagalyk ýyllarynyň arzuwlaryna tarap uly höwes bilen uçýarlar. Mähriban mugallymlarynyň beren bilimi, terbiýesi, mähri, söýgüsi, yhlasy, goldawy olara uly hemaýat berýär.

Haly

Naýbaşy gül görki, zynaty bilen,Meşhur halylarmyz dünýä seýranda.Dilleriň senasy, sungatlar täji,Görenleriň aklyn goýýar haýranda. Gözlere sygmaýan ajaýyp, gözel,Sünnälidir her çitimi, öýdümi.Bakdygyňça gelýän ýaly gulaga,Zenanlaryň ýüreklerniň aýdymy.

Gözegçiliksiz otdan seresap bolmaly

Gaz peçleriniň ýakylandan soňra uzak wagtlap gözegçiliksiz galdyrylmagy, olaryň ýakynynda ýanyjy materiallaryň goýulmagy, tebigy gazy eltmek üçin peje rezin geçirijiniň çekilip, onuň bolsa gyzgyna eremegi, pejiň ýanyjy materiallaryň üstünde oturdylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Ýyladyjy we hammamdaky peçleriň tüsseçykarlary her üç aýdan bir gezek, aşhana peçleriniň tüsseçykarlary bolsa her iki aýdan bir gezek doly arassalanmalydyr. Olaryň hapalanmagynyň we beýleki näsazlyklarynyň uly adamlaryň hem-de çagalaryň ýanan gazyň tüssesi bilen zäherlenmegine alyp barýan halatlary, gynansak-da, duş gelýär. Ugar gazy bilen zäherlenmäniň derejesi bolsa onuň adamyň bedenine  düşen mukdaryna bagly bolýar. Ugar gazy bilen zäherlenen adama ilkinji kömegi bermeli bolanda, ony, ilki bilen, açyk howa çykarmaly, aýnalary açmaly, gysýan eşiklerini açyşdyrmaly. Zäherlenen adam özüni bilýän bolsa, oňa çaý, kofe içirmeli, eger-de özüni duýmaýan bolsa, arassa hasany naşatyr bilen ölläp ysgatmaly, ellerini, aýaklaryny owkalamaly. Şeýdilende, bedende gan aýlanyşygy güýçlenýär. Ugar gazyndan zäherleneniň ýagdaýy has agyr bolan halatynda gyssagly ýagdaýda öý telefonyndan 03 belgä, el telefonyndan 003 belgä jaň edilip, «Tiz kömek» çagyrylmalydyr.

Rubagylar

Watan ykballara ak ýoly açdy,Bagt guşumyz gökde erkana uçdy.Onuň galkyndyran ýyly mähiri,Ýürekleň törüne ýagty nur saçdy.*  *  *Ýaşa, bu asmany, zemini söýüp,Olary söýmäni ýaşamak aýyp.Bagtlysyň munda borjuň bitirip,Hem gitseň nusgalyk işlerňi goýup.*  *  *Ençe ykbal, ençe syr bar toprakda,Tarypyny etseň azdyr ol hakda.Tebigaty adalatly bolansoň,Oňa söýgi orun aldy gursakda.*  *  *Bu pasyllar bir-birini goldaýar,Olar bir-birinden üzňe bolmaýar.Şonuň üçin rysgal ýagyp asmandan,Zemin üsti her baharda gülleýär.*  *  *Dürs çalnyp aýdylsa aýdym-sazymyz,Gül açyp, gülleýär göwün ýazymyz.Durmuş küşt oýny deý, käte «dürs göçmän»,Şowsuzlyga sebäp bolýas özümiz.*  *  *Eý, dostum, oýlan-da bir käri belle,Iki garpyz tutdurmazmyş bir elde.Tebigat özbaşdak oýlansyn diýip,Her kime beripdir üýtgeşik kelle.*  *  *Zehin berilmese bolmak kyn bagşy,Her bir zat tebigy dörese ýagşy.Sungatam ösmeli, şoň üçin döwür,Bizden talap edýär täze bir «nagşy».*  *  *Her bir zadyň bilip ýagdaýyn, tabyn,Awçy bilmelidir awlajak awun.Öz süýjüsi özün ýarýar kämahal,Ýolunmany ga

Gawun sakçysynyň teläri

Düme ýerlere ekin ekip, hasyl almak halkymyzda irki döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Sebäbi suwuň kemterlik etmegi sebäpli, halkymyz ýagýan ygallary isrip etmän ýygnap alyp ulanmaga çalşypdyr, ýyl ygally gelende, ýagyş suwlaryny oýtak ýerlere akdyryp, düme gawun-garpyz ekmegi däp edinipdir. Adatça, obadan onçakly uzak bolmadyk ýerde birnäçe hojalygyň gawun-garpyz ekmek üçin düme ýeri bolýar. Şol ýerleriň eýeleri jem bolup, gawun-garpyz ekipdirler. Haçan-da gawundyr garpyz gögerip, iki gulak bolanda, ekini goramak üçin sakçy zerurlygy ýüze çykýar. Düme ekin ekenler ýygnanyşyp, bu barada geňeş edýärler, pikir alyşýarlar. Ekin eýeleriniň arasynda sakçylyga döwtalap kişi tapylsa, şol hem gawun sakçysy bolýar. Köplenç, ýaşy ulalyşyp, öýde oturan kişi gawun sakçylygyny boýun alýar. Onuň sakçylyk etjek ýerinde, köplenç, iki gatdan ybarat, agaçdan edilen üsti basyrylgy beýik telär esasy orny tutýar. Teläriň birinji gatynda çaý içilýär, nahar iýilýär, ikinjisinde bolsa töwerege gözegçilik edilýär, ýatyp dynç alynýar. Mundan başga-da, gamyşdan edilen küme, onuň içinde bolsa suw guýulýan çelek ýerleşýär. Gawun-garpyzyň bişip başlamagy bilen, sakçynyň işi köpelýär. Çünki ekine mal-gara düşmez ýaly gözegçiligi güýçlendirmeli hem-de gije sak durup, kirpide

Aşgabat — milli binagärligiň merjeni

Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi, ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şäheri indi ençeme ýyllardan bäri özüniň geçmiş taryhy, şu güni babatda taryhçylaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Alymlar şäheriň döreýiş taryhy we onuň adynyň gelip çykyşy barada dürli pikirleri orta atýarlar. Mälim bolşy ýaly, köp taryhy çeşmelerde Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda dörändigi barada maglumat berilýär. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew özüniň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyzyň 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki çäginiň dolandyryş merkezi hökmünde dörändigini, aslynda bolsa, Aşgabadyň has gadymy döwürde — 2 müň 500 ýyl mundan ozal düýbüniň tutulandygyny belläpdir. Alymlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan arheologiýa tapyndylary hem Aşgabadyň has irki döwürlerde dörändigini tassyklaýar.

Köňülleriň çyragy — Magtymguly Pyragy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan goşa baýramyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur dana şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän iň görnükli dabaralaryň naýbaşysyna öwrüldi. Binagärligi, gözelligi hem-de pelsepewi many-mazmuny jähetinden deňi-taýy bolmadyk bu toplumyň we onuň açylyş dabarasynyň, şüweleňiniň ajaýyplygy göreni haýran etdi. Şonda göwni joşgunly duýgulardan pürepür ildeşlerimiz we dünýä döwletlerinden gelen myhmanlar beýik paýhasdan gözbaşly bu ajaýyplygy synlap, ony döretmek başlangyjyny öňe süren Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden alkyşladylar. Bagtyýar türkmen halky bu gün şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyz barada: «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren ş

Goşa toýuň joşguny

18-nji maýda bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçdi. Ýurdumyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýan goşa senäniň toý joşguny welaýatymyzyň ähli ýerini gurşap aldy, baýramçylyk dabaralaryna ildeşlerimiz egsilmez hyjuw we şatlyk duýgusy bilen gatnaşdy. Änew şäherinde giň gerim alan welaýat derejesindäki esasy dabaralar aýratyn ýatda galyjy täsirlere beslendi. Ir bilen şäherdäki Mukaddeslik meýdançasynda welaýat, etrap häkimlikleriniň, welaýat guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň, talyp we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda goşa toý mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň ýokary göteriliş dabarasy boldy.

Aşgabat — bagtyýarlygyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň şäher gurluşygyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmekde, paýtagtymyzy mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeleri görenleri haýrana goýýar. Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji merkez hökmünde tanalýan ak mermerli Aşgabadyň beýik binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de abadan durmuşyny, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly ösüşini dabaralandyrýar.

Toýlar goşalanýar eziz Diýarda

Her ýylyň 25-nji maýy bagtyýar halkymyza goşa şatlygy bagyş edýär. Garaşsyz ýurdumyzda bir günde iki baýramçylygyň — Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de «Soňky jaň» dabarasynyň bellenilmegi toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygynyň güwäsi. Taryhy günde aşyklar şäheri Aşgabat dabaraly açylyşlara, medeni çärelere, aýdym-sazly çykyşlara beslense, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde kakylýan jaňyň sesi uzaklara ýaňlanýar. Döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrülen Aşgabat binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun aldy. Bu gün gözel paýtagtymyzyň mermer binalary asman boýlaýar. Giň we ýagty şaýollar, söwda we dynç alyş merkezleri, owadan seýilgähler, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän saýaly hem pürli baglar, al-elwan güller şäheriň gözelligini has-da artdyrýar. Şäheriň tämiz howasy, arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy göwünleri galkyndyrýar. Milli binagärlik keşbi bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen Aşgabat goýnunda gözellik çemenini jemlän jenneti mekany ýada salýar.

Goşa şatlygyň beýany

Aşgabat şäheriniň güni soňky jaň dabarasy bilen utgaşýar Ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň soňky jaň dabarasynyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşdyrylmagy bu günüň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar. Ir säher bilen işe ugranymda, şäheriň bezeglerini, edara-binalaryň öňünde, şaýollaryň ugrunda goýlan baýramçylyk şygarlaryny görüp, göwnüm göterildi.

Sözüň çuňluk mertebesi

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi dün­ýä de­re­je­sin­de ulu­dan baý­ram edil­ýär. Bu sun­gat baý­ra­myn­da akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek­de en­çe­me iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Arzuwlanan zaman bu gün

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 18-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki gö­zel kün­jek­le­riň bi­rin­de ýer­leş­ýän ka­şaň Kons­ti­tu­si­ýa bi­na­sy­na we Baş baý­dak meý­dan­ça­syn­da­ky be­lent baş­ly baý­dak sü­tü­ni­ne gül çe­me­ni­ni goý­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan uly äh­mi­ýet be­ril­ýän bu baý­ram türk­me­nis­tan­ly­la­ryň Ga­raş­syz Wa­ta­ny­na bo­lan çuň­ňur wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­la­ry­ny, hä­zir­ki döw­rüň zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni we üs­tün­lik­le­ri­ni art­dyr­ýan hal­ky­my­zyň pa­ra­hat dur­muş­da bagt­ly ýa­şa­ýyş ug­run­da çek­ýän ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti­ni aýan ed­ýär.

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy 18-nji maýda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy. Döwlet gurluşynyň ýörelgelerini we halkymyzyň gymmatly demokratik tejribesini özünde jemleýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen hem-de Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes baýdagynyň döredilen gününi özboluşly mazmun bilen birleşdirýän umumymilli baýramçylyk jebisligimizi şöhratlandyrýar, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar döwrümize, ýagty geljegimize şaýatlyk edýän, agzybirligimizi, buýsanjymyzy görkezýän milli gymmatlyklardyr.

Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy. Döwlet gurluşynyň ýörelgelerini we halkymyzyň gymmatly demokratik tejribesini özünde jemleýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen hem-de Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes baýdagynyň döredilen gününi özboluşly mazmun bilen birleşdirýän umumymilli baýramçylyk jebisligimizi şöhratlandyrýar, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar döwrümize, ýagty geljegimize şaýatlyk edýän, agzybirligimizi, buýsanjymyzy görkezýän milli gymmatlyklardyr.

Da­gyň ete­gin­dä­ki gud­rat

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 «Gud­rat gör­seň dag­la­ra bar» diý­le­ni... Bel­ki, bu jüm­le­de «gud­rat» diý­lip, te­bi­ga­tyň ýa­ra­dan peş­ge­şi göz öňün­de tu­tu­lan bol­ma­gy-da ah­mal. Ýö­ne şeý­le gud­rat­la­ryň bi­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len Kö­pet­da­gyň ete­gin­de el bi­len hem dö­re­dil­di. Ol — Gün­do­ga­ryň da­na­sy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li. Türk­me­nis­ta­nyň halk nak­ga­şy, heý­kel­ta­raş Sa­ragt Ba­ba­ýe­wiň elin­den çy­kan bu ne­pis iş yn­san keş­bi­ni onuň duý­gu­dyr oý-hy­ýal­la­ry bi­len ber­mä­ge ukyp­ly bo­lan, bu ugur­da kän tej­ri­be top­lan us­sat se­net­kä­riň eý­ýäm bu gü­ne çen­li sun­gat­da uzak ýo­ly ge­çen­di­gi­ni me­sa­ňa gör­kez­ýär. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň iki ge­zek eýe­si Sa­ragt Ba­ba­ýew üçin bu şa­hy­ryň ýa­dy­gär­li­gi bo­ýun­ça il­kin­ji iş däl. Şa­hy­ryň go­ly ki­tap­ly be­lent­den türk­men top­ra­gy­na se­re­dip du­ran na­zar­la­ryn­da onuň wy­sal bo­lan ar­zuw­la­ry­na buý­san­jy­ny gör­mek bol­ýar.

Türk­me­nis­tan — bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň me­ka­ny

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ça­ga­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny, hak-hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak we üp­jün et­mek me­se­le­sin­de Türk­me­nis­tan­da umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra ka­nun­çy­ly­gy­na mö­hüm orun be­ril­ýär. Bu ba­bat­da bi­ziň ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­dy. Bu Kon­wen­si­ýa hal­ka­ra de­re­je­sin­de esa­sy res­mi­na­ma­la­ryň bi­ri­dir. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak bi­len bag­ly bir­nä­çe iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da dür­li çä­re­le­riň, gy­zyk­ly bäs­le­şik­le­riň gu­ral­ma­gy­na we ola­ryň tä­sir­li ge­çi­ril­me­gi­ne işjeň gat­naş­ýar.