Toýlar goşalanýar eziz Diýarda

21 Maý 2024
155

Her ýylyň 25-nji maýy bagtyýar halkymyza goşa şatlygy bagyş edýär. Garaşsyz ýurdumyzda bir günde iki baýramçylygyň — Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de «Soňky jaň» dabarasynyň bellenilmegi toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygynyň güwäsi. Taryhy günde aşyklar şäheri Aşgabat dabaraly açylyşlara, medeni çärelere, aýdym-sazly çykyşlara beslense, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde kakylýan jaňyň sesi uzaklara ýaňlanýar.

Döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrülen Aşgabat binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun aldy. Bu gün gözel paýtagtymyzyň mermer binalary asman boýlaýar. Giň we ýagty şaýollar, söwda we dynç alyş merkezleri, owadan seýilgähler, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän saýaly hem pürli baglar, al-elwan güller şäheriň gözelligini has-da artdyrýar. Şäheriň tämiz howasy, arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy göwünleri galkyndyrýar. Milli binagärlik keşbi bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen Aşgabat goýnunda gözellik çemenini jemlän jenneti mekany ýada salýar.

Bahargül MYRATGULYÝEWA,
Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar