Jaň sesinde bagtyýarlyk ýaňy bar

22 Maý 2024
140

Birigün ýurdumyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçiriler

Soňky jaň. Üýtgeşik jadysy bolan jaň sesi hiç kimi biparh goýanok. Sebäbi ak mekdeplerde okuw tamamlanyp, mugallymlar uçurym bolýan okuwçylaryny uly durmuşa ýola salýarlar. «Soňky jaňyň» dabarasy ak ýollaryň açaryny elinde saklap barýan anyk maksatly ýaşlara ajaýyp, ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär. Olar asmana uçurýan ak kepderileri mysaly, mekdep döwründe alan bilim-terbiýelerinden ganatlanyp, çagalyk ýyllarynyň arzuwlaryna tarap uly höwes bilen uçýarlar. Mähriban mugallymlarynyň beren bilimi, terbiýesi, mähri, söýgüsi, yhlasy, goldawy olara uly hemaýat berýär.

Akbäbek Satlykowa,
«Balkan».
Beýleki habarlar