Gawun sakçysynyň teläri

22 Maý 2024
126

Düme ýerlere ekin ekip, hasyl almak halkymyzda irki döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Sebäbi suwuň kemterlik etmegi sebäpli, halkymyz ýagýan ygallary isrip etmän ýygnap alyp ulanmaga çalşypdyr, ýyl ygally gelende, ýagyş suwlaryny oýtak ýerlere akdyryp, düme gawun-garpyz ekmegi däp edinipdir.

Adatça, obadan onçakly uzak bolmadyk ýerde birnäçe hojalygyň gawun-garpyz ekmek üçin düme ýeri bolýar. Şol ýerleriň eýeleri jem bolup, gawun-garpyz ekipdirler. Haçan-da gawundyr garpyz gögerip, iki gulak bolanda, ekini goramak üçin sakçy zerurlygy ýüze çykýar. Düme ekin ekenler ýygnanyşyp, bu barada geňeş edýärler, pikir alyşýarlar. Ekin eýeleriniň arasynda sakçylyga döwtalap kişi tapylsa, şol hem gawun sakçysy bolýar. Köplenç, ýaşy ulalyşyp, öýde oturan kişi gawun sakçylygyny boýun alýar. Onuň sakçylyk etjek ýerinde, köplenç, iki gatdan ybarat, agaçdan edilen üsti basyrylgy beýik telär esasy orny tutýar. Teläriň birinji gatynda çaý içilýär, nahar iýilýär, ikinjisinde bolsa töwerege gözegçilik edilýär, ýatyp dynç alynýar. Mundan başga-da, gamyşdan edilen küme, onuň içinde bolsa suw guýulýan çelek ýerleşýär. Gawun-garpyzyň bişip başlamagy bilen, sakçynyň işi köpelýär. Çünki ekine mal-gara düşmez ýaly gözegçiligi güýçlendirmeli hem-de gije sak durup, kirpiden, şagaldan gawun-garpyzy goramaly.

Kemal Esenow,
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.
Beýleki habarlar