Goşa toýuň joşguny

21 Maý 2024
253

18-nji maýda bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçdi. Ýurdumyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýan goşa senäniň toý joşguny welaýatymyzyň ähli ýerini gurşap aldy, baýramçylyk dabaralaryna ildeşlerimiz egsilmez hyjuw we şatlyk duýgusy bilen gatnaşdy.

Änew şäherinde giň gerim alan welaýat derejesindäki esasy dabaralar aýratyn ýatda galyjy täsirlere beslendi. Ir bilen şäherdäki Mukaddeslik meýdançasynda welaýat, etrap häkimlikleriniň, welaýat guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň, talyp we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda goşa toý mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň ýokary göteriliş dabarasy boldy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar