Rubagylar

22 Maý 2024
129

Watan ykballara ak ýoly açdy,
Bagt guşumyz gökde erkana uçdy.
Onuň galkyndyran ýyly mähiri,
Ýürekleň törüne ýagty nur saçdy.
*  *  *
Ýaşa, bu asmany, zemini söýüp,
Olary söýmäni ýaşamak aýyp.
Bagtlysyň munda borjuň bitirip,
Hem gitseň nusgalyk işlerňi goýup.
*  *  *
Ençe ykbal, ençe syr bar toprakda,
Tarypyny etseň azdyr ol hakda.
Tebigaty adalatly bolansoň,
Oňa söýgi orun aldy gursakda.
*  *  *
Bu pasyllar bir-birini goldaýar,
Olar bir-birinden üzňe bolmaýar.
Şonuň üçin rysgal ýagyp asmandan,
Zemin üsti her baharda gülleýär.
*  *  *
Dürs çalnyp aýdylsa aýdym-sazymyz,
Gül açyp, gülleýär göwün ýazymyz.
Durmuş küşt oýny deý, käte «dürs göçmän»,
Şowsuzlyga sebäp bolýas özümiz.
*  *  *
Eý, dostum, oýlan-da bir käri belle,
Iki garpyz tutdurmazmyş bir elde.
Tebigat özbaşdak oýlansyn diýip,
Her kime beripdir üýtgeşik kelle.
*  *  *
Zehin berilmese bolmak kyn bagşy,
Her bir zat tebigy dörese ýagşy.
Sungatam ösmeli, şoň üçin döwür,
Bizden talap edýär täze bir «nagşy».
*  *  *
Her bir zadyň bilip ýagdaýyn, tabyn,
Awçy bilmelidir awlajak awun.
Öz süýjüsi özün ýarýar kämahal,
Ýolunmany galsa ir bişen gawun.
*  *  *
Bürgüde diýýärler daglaryň guşy,
Daglardyr olaryň göwnüniň hoşy.
Beýiklere berlen bu hem bir nyşan,
Olar daşdan görýär töwerek-daşy.
*  *  *
Her bir haýyr işiň bardyr sogaby,
Her bir kynçylygyň bardyr sebäbi.
Gözleg bilen yhlas etseň tapylar,
Tapylmadyk sowallaryň jogaby.
*  *  *
Bilbil aýtdy: «Arzuwlarym çaman däl,
Güle bolan yşkymy men kemen däl.
Maňa kapasada taýýar hörekden,
Giň jahanda iým gözlänim ýaman däl».
*  *  *
Ýol uzakdyr, ýoldaşyňy alyp git,
Bu durmuşyň sowallaryn bilip git.
Sen bu dünýä adam bolup geldiňmi,
Mundan gitseň ýene adam bolup git.
*  *  *
Adam başy oý-pikirden doludyr,
Ony aýan etjek ir-giç pälidir.
Zerur zada harçlamasaň puluňy,
Bugdaý ýerne arpa alan ýalydyr.
*  *  *
Gyş aýlary toprak doňmasa ýaman,
Ýaz pasly wagtynda gelmese ýaman.
Her zat tebigatyn saklasa ýagşy,
Adam robota meňzese ýaman.
*  *  *
Bulutlar gümmürdäp topraga ýagsa,
Gijeler Aý, gündiz parlap Gün dogsa.
Galan gözelligi döretmek welin,
Ynsana goýulan dälmidir eýse?
*  *  *
Çäge göçen bolsa ýeliň işidir,
Bilbil joşa gelse gülüň işidir.
Sährany bezeýär bu gün binalar,
Ol gudratly ençe eliň işidir.
*  *  *
Salgy bermek borjuň, ýola salyp bil,
Sen adamsyň, belentlige galyp bil.
Bu durmuşda il bähbitli işleňden,
Hoşwagt bolup, ondan lezzet alyp bil.
*  *  *
Kyndyr dünýäň inçe syryn bilerden,
Öwrenmeli zat kän asman hem ýerden.
Hatda bu durmuşda adalatyň hem,
Nusgasyny tapyp bolýar olardan.

Meret Bakyýew.
Beýleki habarlar