Aşgabat — bagtyýarlygyň şäheri

21 Maý 2024
185

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň şäher gurluşygyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmekde, paýtagtymyzy mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeleri görenleri haýrana goýýar.

Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji merkez hökmünde tanalýan ak mermerli Aşgabadyň beýik binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de abadan durmuşyny, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly ösüşini dabaralandyrýar.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar