Aşgabat — milli binagärligiň merjeni

21 Maý 2024
179

Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi, ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şäheri indi ençeme ýyllardan bäri özüniň geçmiş taryhy, şu güni babatda taryhçylaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Alymlar şäheriň döreýiş taryhy we onuň adynyň gelip çykyşy barada dürli pikirleri orta atýarlar.

Mälim bolşy ýaly, köp taryhy çeşmelerde Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda dörändigi barada maglumat berilýär. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew özüniň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyzyň 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki çäginiň dolandyryş merkezi hökmünde dörändigini, aslynda bolsa, Aşgabadyň has gadymy döwürde — 2 müň 500 ýyl mundan ozal düýbüniň tutulandygyny belläpdir. Alymlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan arheologiýa tapyndylary hem Aşgabadyň has irki döwürlerde dörändigini tassyklaýar.

Aýmaral IŞANGULYÝEWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar