Köňülleriň çyragy — Magtymguly Pyragy

21 Maý 2024
219

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan goşa baýramyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur dana şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän iň görnükli dabaralaryň naýbaşysyna öwrüldi. Binagärligi, gözelligi hem-de pelsepewi many-mazmuny jähetinden deňi-taýy bolmadyk bu toplumyň we onuň açylyş dabarasynyň, şüweleňiniň ajaýyplygy göreni haýran etdi. Şonda göwni joşgunly duýgulardan pürepür ildeşlerimiz we dünýä döwletlerinden gelen myhmanlar beýik paýhasdan gözbaşly bu ajaýyplygy synlap, ony döretmek başlangyjyny öňe süren Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden alkyşladylar.

Bagtyýar türkmen halky bu gün şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyz barada: «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip, bellän sözlerinden hem görmek bolýar. Umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna akyl ýetiren Magtymguly Pyragynyň şygryýetindäki döwlet, jemgyýet, azat-erkanalyk baradaky paýhasly pikirler, berkarar türkmen döwletini gurmak baradaky umyt-arzuwlar ýurt Garaşsyzlygymyz alnandan soň hasyl boldy. Onuň köňül erkinligi baradaky, dünýä döwletleri, halklaryň agzybirligi we hyzmatdaşlygy, älem syrlaryna ýol açmak hakyndaky aýdanlary Gahryman Arkadagymyzyň guran bagtyýar zamanasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gaýnap-joşýan döredijilikli ösüşler bilen sazlaşyp, durmuşa geçýär. Şu döwürde ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, ösüp gelýän ýaş nesillere edep-terbiýe bermek her birimiz üçin deňi-taýy bolmadyk bagtdyr, bagtyýarlykdyr.

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar