«Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile»

22 Maý 2024
180

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ençeme gymmatbahaly daşlar agzalyp, olaryň, hususan-da, göwher daşyň gymmaty, zergärçilik sungaty, daşlaryň adam saglygyna peýdasy barada bellenip geçilýär. Akyldar şahyrymyzyň zergärçilik sungaty bilen meşgullanandygyna taryh şaýatlyk edýär. Rus etnografy Wladimir Zaletaýew: «Men magtymgulyşynaslaryň öňünde akyldar şahyryň zergärçilik sungatynda galdyran yzlaryny öwrenmek ýaly ýeňil bolmadyk, ýöne diýseň gyzykly işiň bardygy hakynda pikir edýärin. Düşünişime görä, onuň döreden şaý-sepleri-de nepisligi bilen tapawutlanýan bolmaly» diýip belläp geçýär. Dana Pyragy:

Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,
Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr —

Göwher Seýitjanowa,
Türkmenbaşy şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar