Gözegçiliksiz otdan seresap bolmaly

22 Maý 2024
148

Gaz peçleriniň ýakylandan soňra uzak wagtlap gözegçiliksiz galdyrylmagy, olaryň ýakynynda ýanyjy materiallaryň goýulmagy, tebigy gazy eltmek üçin peje rezin geçirijiniň çekilip, onuň bolsa gyzgyna eremegi, pejiň ýanyjy materiallaryň üstünde oturdylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Ýyladyjy we hammamdaky peçleriň tüsseçykarlary her üç aýdan bir gezek, aşhana peçleriniň tüsseçykarlary bolsa her iki aýdan bir gezek doly arassalanmalydyr. Olaryň hapalanmagynyň we beýleki näsazlyklarynyň uly adamlaryň hem-de çagalaryň ýanan gazyň tüssesi bilen zäherlenmegine alyp barýan halatlary, gynansak-da, duş gelýär. Ugar gazy bilen zäherlenmäniň derejesi bolsa onuň adamyň bedenine  düşen mukdaryna bagly bolýar.

Ugar gazy bilen zäherlenen adama ilkinji kömegi bermeli bolanda, ony, ilki bilen, açyk howa çykarmaly, aýnalary açmaly, gysýan eşiklerini açyşdyrmaly. Zäherlenen adam özüni bilýän bolsa, oňa çaý, kofe içirmeli, eger-de özüni duýmaýan bolsa, arassa hasany naşatyr bilen ölläp ysgatmaly, ellerini, aýaklaryny owkalamaly. Şeýdilende, bedende gan aýlanyşygy güýçlenýär. Ugar gazyndan zäherleneniň ýagdaýy has agyr bolan halatynda gyssagly ýagdaýda öý telefonyndan 03 belgä, el telefonyndan 003 belgä jaň edilip, «Tiz kömek» çagyrylmalydyr.

Ýazgeldi Garageldiýew,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 2-nji ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň 366-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar