"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Döwrebap ösüşler

Geljegiň şäheri — bagtyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň pajarlap ösdürilmegine, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şu ýyl dabaraly açylyşy bolan Arkadag şäheri bu gadymy mekana täze durmuşyň dolanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynyň üstünlikli amala aşyrylyp, onuň ikinji tapgyryndaky gurluşyklara ak pata berilmegi, degişli işleriň yzygiderli, sazlaşykly, ýokary depginli alnyp barylýandygy taslamalaryň maksatnamalaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. «Geljegiň şäheri» diýlip ykrar edilen bu şäherde saglygy goraýyş ulgamynyň binalary durmuş düzüminiň esasylarynyň hatarynda durýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäherine öwrülýän Arkadag şäherinde saglygy goraýyş işiniň sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri esasynda alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda 9 saglyk we sport binasynyň bardygyny guwandyryjy üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Täze şäherde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň merkezi edara ediş binasy hereket edýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň b

Ýerhozy

Ýerhozy kösükliler maşgalasyna degişli bolup, dünýäde iň kän ýaýran birýyllyk ösümlikdir. Ýyly howa şertlerinde gowy ösüp, kadaly ideg edilende bereketli hasyl eçilýär. Onuň boýy bary-ýogy 30-40 santimetre ýetse-de, bol miwe berýär. Ösümlik ekilende hersiniň arasynda 30-40 santimetr çemesi açyk aralyk goýmalydyr. Çünki ösümlik hasyla duranda gollary daş-töwerege ýaýraýar. Adatça ýerhozunyň hasylyny güýzde ýygnaýarlar. Gabygy gatansoň, ol baldagy bilen ýerden sogrulýar. Soňra hasylyň ýaramly-ýaramsyz görnüşleri saýlanyp, degişli saklanyş çäreleri geçirilýär. Ýerhozy ýumşak topragy, Gün ýagtysyny hem-de suwuň aram mukdaryny halaýan ösümlikdir. Şol sebäpden bu ösümlik köplenç gyzgyn howa şertleri bolan ýurtlarda köpçülikleýin ekilýär. Sortunyň görnüşine hem-de howa şertlerine laýyklykda, ösümlik 120-160 günüň dowamynda ösýär. Ýerhozuny ekmek üçin has goýy öwüşgine eýe bolan, gabygynda hiç hili kemi bolmadyk uly maňyzlar tohum hökmünde ulanylýar. Tohumlyk üçin saýlanan ýerhozy ekiş möwsümine çenli gabykly saklanmalydyr. Ýerhozy ekilende ýer çyg bolmaly we ekmek üçin ýere 3-4 maňyz oklamak ýeterlikdir.Ýerhozy gögerip, boý alansoň, ýerastynda hasyla durar ýaly, ony wagtal-wagtal tommuklap durmaly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar. Güýz paslynda howanyň temperaturasynyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleri bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan hem kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de birmeňzeş kliniki alamatlar, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda ýitileşýär. Adatça, syrkaw birdenkä üşüdip ugraýar, ysgyndan gaçýar, gyzdyrýar. Bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Syrkawy doly gutulýança jemgyýetçilik ýerlerinden daşlaşdyrmaly. Öýde beýleki maşgala agzalarynyň bolýan otagyndan aýry otagda ýerleşdirilmeli we zerur bolmasa, onuň düşekden turmazlygyna gözegçilik etmeli. Otagyň içinde çygly arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Oňa özbaşdak antibiotik derman serişdeleri bermekden saklanmaly, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, onuň bellän bejergisini almaly.

Ýokanç däl keseller: tagallalar birleşende

Diabete garşy bütindünýä göreş güni Diabetiň halkara federasiýasy bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan bilelikde esaslandyrylyp, BMG-niň howandarlygynda halkara derejede her ýylyň 14-nji noýabrynda geçirilýän çäre hökmünde asylly däbe öwrüldi. Süýjüli diabet ýokanç däl kesellere degişlidir. Onuň döremegi aşgazanasty mäz tarapyndan bölünip çykarylýan insuliniň we oňa garaşly ýag, bagyr dokumalarynda bedeniň öz insulinine duýujylygynyň genetik peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Has takygy, insulin madda çalşygynyň ähli görnüşiniň, ýagny uglewod, ýag, protein, suw-duz çalşyklarynyň bozulmagy bilen ýüze çykýar. Netijede, ganyň glýukozasynyň kadadan (ajöze litrde 3,5 — 5,5 mmol) ýokarlanmagy sebäpli, beden agzalarynda (ýürek, nerw, göz, böwrek) düýpli bozulmalar bolup, ýüze çykýan irki ýiti we giçki gaýraüzülmeler näsagyň janyna howp salýan ýiti ýagdaýlaryň döremegine getirýär. Diabetiň has giň ýaýran iki görnüşi bellidir. Bu keseliň çagalarda, köplenç halatda, 35 ýaşa çenli ýaşlarda ýüze çykýan birinji görnüşi aşgazanasty mäziň insulin bölüp çykarýan betta öýjüklerinde bolup geçýän dargama hadysasy sebäpli ganyň glýukozasynyň ýokarlanmagy bilen ýiti gaýraüzülmeleriň döremegine getirýär. Ol insulin ýetm

Saglygymyz öz elimizde

Ýokanç däl keselleriň hataryna degişli keselleriň biri-de süýjüli diabetdir. Adyndan belli bolşy ýaly, ýokanç däl kesel adamdan adama gatnaşykda bolmak ýa-da howa damjajyklary arkaly geçmeýär. Onuň bilen näsaglan adam daş-töweregi üçin howply däldir. Ýöne beýle näsag lukmanlaryň maslahatlaryny dogry ýerine ýetirmän, oňa sowuk-sala garasa, onda ol öz saglygy üçin howp döredip biler. Süýjüli diabete nädogry iýmitlenip, aşa köp agram almak, az hereketlilikden agramyňy artdyrmak, nesilleýin meýillilik, ýygy duş gelýän nerw dartgynlylygy ýaly ýagdaýlar we stresler, ýokanç keseller, wiruslar sebäp bolýar. Seýrek hem bolsa, kähalatlarda çagalaryň arasynda süýjüli diabet keseliniň döremegine duş gelinýär. Muňa esasy sebäpleriň biri-de çaganyň irki ýaşda ene süýdi bilen däl-de, emeli süýt garyndylary bilen iýmitlendirilmegidir. Şeýle hem çagalara goşmaça iýmit berlende, düzüminde köp mukdarda emeli garyndylary saklaýan azyk önümleriniň ulanylmagy diabete getirip bilýär. Çaganyň aşa agram almagy, onda edil ulularda bolşy ýaly, ýygy stresleriň, wirusly we ýokanç keselleriň döremegi kesele sebäp bolýar. Süýjüli diabet bilen näsaglan adamlaryň käbiri özüniň şol kesel bilen näsaglandygyny hem bilmeýär. Olaryň kesel bilen näsaglandyklary öňüni alyş

Saglygymyzy goralyň!

Süýjüli diabet keseliniň öňüni almaga, oňa garşy göreşiň netijeli bolmagyna, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmaga ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär. Her bir saglyk öýünde «saglyk mekdepleri» döredilip, bu ýere gelen raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almakda kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden çetde durmagyň, fiziki işjeňligiň, zähmet bilen dynç almagy utgaşdyryp alyp barmagyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Süýjüli diabet keselini iň irki döwürde ýüze çykarmak, bu keseliň döremeginiň öňüni almak üçin maşgala lukmanlary yhlasly zähmet çekýärler. Olar nesil yzarlaýjylygy bolan adamlary, semizlikden ejir çekýänleri, çaga dogran uly agramly zenanlary we uly agramly doglan çagalary gözegçilige alyp, olar bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň, keseliň öňüni alyş barlaglaryny geçmegiň bu keseli gizlin döwründe ýüze çykarmakda örän zerurdygyny düşündirýärler. Süýjüli diabetiň sebäpleri boýunça birnäçe görnüşleri bar. I görnüşli süýjüli diabetde (insuliniň absolýut ýetmezçiligi) bedende tebigy ýagdaýda insuliniň işlenip çykarylmaýanlygy sebäpli, insuliniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Onuň ýüze çykmagynyň sebäpleri nesle geçijilik meýilliligi, wi

Döwrebap bejeriş usullary

Däp bolşy ýaly, her ýylyň 14-nji noýabrynda Bütindünýä diabete garşy göreşmek güni bellenilýär. Şu mynasybetli, öňňin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň bilelikde guramagynda «Süýjüli diabetiň döwrebap bejeriş usullary» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetiň dürli kafedralarynyň professor-mugallymlary, talyplary hem gatnaşdylar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ýokanç däl keselleriň sany ýylsaýyn artýar. Olara ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we howply täze döremeler degişlidir. Zyýanly endikler, nädogry iýmitlenmek, süýjüli, ýagly önümleri köp mukdarda iýmek ýa-da nädogry gün tertibini alyp barmak, ýagny günüň ikinji ýarymynda aşa köp iýmek we hereketsizlik (gipodinamiýa) ýürek-damar keselleriniň hem-de semizligiň döremegine getirýär. Semizlik adamyň diňe bir daşky görnüşine, häsiýetine täsir etmän, eýsem, birnäçe agyr keselleriň gözbaşy hasaplanýar. Semizlikde gandaky glýukozanyň, holesteriniň derejesi ýokarlanýar, möçberi artýar. Esasy çalşygyň bozulmagy netijesinde, gan basyşynyň ýokar

Saglyk — baş baýlyk

Her paslyň özboluşly aýratynlygy bolup, saglyga belli bir derejede täsirini ýetirýär. Güýz paslynda saglygy goramak, möwsümleýin keselleriň öňüni almak zerurdyr. Şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Göwünleri açyp, saglyga peýdaly täsir edip biljek sport bilen meşgullanyp, bedeni gurat saklamaly. Ukyny doly alyp, beden agzalaryna dynç bermeli. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaly. Agyr oý-pikirlerden saplanmak üçin zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, seýilgählere gezelenje çykmaly. Sergin howada köpräk gezim etmeli.

D wi­ta­mi­ni­niň sag­ly­ga tä­si­ri

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Te­bi­gat­da adam be­de­ni­ne peý­da­ly bir­nä­çe wi­ta­min­ler we mad­da­lar bar. Ola­ryň her­si­niň tut­ýan or­ny we äh­mi­ýe­ti ta­pa­wut­ly­dyr. Şo­la­ryň ara­syn­da iň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri hem

Mi­we­le­riň ser­we­ri

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Kä­bir ir-iý­miş bi­len bag­la­ny­şyk­ly gürrüň edilende, «Ajy bol­sa-da, keş­diň çek­me­se-de, der­man­dy­gy üçin iý­me­li bo­laý­ýar» di­ýen ýa­ly söz­le­re az duş­ýan däl­di­ris. Nar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­lyk­da bu pi­ki­ri düý­bün­den ter­si­ne aýt­ma­ly bol­sa ge­rek. Se­bä­bi lo­wur­dap du­ran gül­güne reň­ki bi­len gö­re­niň­den iş­dä­ňi aç­ýan na­ryň ta­ga­my-da diý­seň üýt­ge­şik. Onuň sag­lyk üçin peý­da­sy­ny, dü­zü­min­dä­ki ýo­kum­la­ry­ny bol­sa «sa­na­saň so­ga­by bar» diý­le­ni.

Saglyk hakynda

W.Gýugo.

Sagdyn iýmitlenmegiň kadalary

Dogry iýmitlenmek adaty adamlar üçin sagdyn bolmagyň esasy şerti bolsa, türgenler üçin-de ýokary netijeleri gazanmakda esasy zerurlyklaryň biridir. Irginsiz türgenleşikler dogry iýmitlenmek bilen utgaşdyrylanda oňyn netijeler uzak garaşdyrmaýar. Dogry iýmitlenmek üçin sportuň görnüşlerine laýyklykda gerekli azyk önümlerini saýlap almak hem zerurdyr. Nohut, noýba, merjimek ýaly kösükli önümler askorbin turşusyna, PP witaminlerine, karotine we kükürde baýdyr. Olar ýoga, oýun görnüşleri, ýeňil atletika bilen meşgullanýan türgenler üçin aýratyn peýdalydyr. Düzüminde demir, sink ýaly minerallary, ýod, alma turşusyny, ýeňil özleşdirilýän beloklary saklaýan greçka hem ylgawçylar, welosipedçiler, woleýbolçylar üçin peýdaly iýmitdir. Tüwiden taýýarlanylýan önümleriň düzümindäki foliý turşusy, fosfor we sink bolsa boksçular, daga dyrmaşmak we aeorobika bilen meşgullanýanlar üçin peýdalydyr.

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Ýiti respirator keseli ýokary dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalaryna zeper ýetmegi bilen ýüze çykýar. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly arkaly näsag asgyranda, üsgürende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen beýleki adamlara ýokuşyp bilýär. Adatça, bu kesel duýdansyz başlaýar. Immuniteti pes adamlarda köp duş gelýär. Ýiti respirator keseli bilen kesellänleriň gyzgyny ýokarlanýar, kellede, el-aýaklarda we bogunlarda agyry peýda bolýar. Umumy gowşaklyk alamaty ýüze çykýar, işdäsi peselýär. Bu alamatlar ýüze çykan dessine maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Öý şertlerinde bejergi alýan näsaglar hökman lukmanlaryň gözegçiligi astynda bolmaly.

Üstünlikleriň nobatdaky ykrarnamasy

 6-njy noýabrda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Saglyk sahawaty — bagtyýarlygyň gözbaşy

Täze güwänama Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasydyr Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriň ykrarnamasy

6-njy noýabrda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýokarda agzalan güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.

Ekologiýa we saglyk

Daşky gurşaw adamyň durmuşyna, dynç alşyna, saglyk ýagdaýyna täsir edýär. Onuň kadalarynyň bozulmagy dürli keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şol bir wagtda  howanyň üýtgemegi netijesinde ýürek-damar, genetiki keseller, howply döremeler ýüze çykyp bilýär. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen, ýürek işjeňliginiň bozulmagy, nerw bozulmalary, fiziki we akyl işjeňliginiň peselmegi ýüze çykýar. Hassa adamlarda beden çalt uýgunlaşmak ukybyny ýitirýär.

Gum sogany

Ösümligiň düzümine alkaloidler, steroidler, flawonoidler, uglewodlar, efir ýagy, organiki turşular we B, C witaminleri girýär. Halk lukmançylygynda ösümligiň ýerasty we ýerüsti bölegi soguljanlaryň garşysyna, umumy berkidiji, buşukdyryjy, ýarany bitiriji, tonizirleýji we gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar.

Berjaý edilmeli maslahatlar

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.