Döwrebap bejeriş usullary

13 Noýabr 2023
397

Däp bolşy ýaly, her ýylyň 14-nji noýabrynda Bütindünýä diabete garşy göreşmek güni bellenilýär. Şu mynasybetli, öňňin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň bilelikde guramagynda «Süýjüli diabetiň döwrebap bejeriş usullary» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetiň dürli kafedralarynyň professor-mugallymlary, talyplary hem gatnaşdylar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ýokanç däl keselleriň sany ýylsaýyn artýar. Olara ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we howply täze döremeler degişlidir. Zyýanly endikler, nädogry iýmitlenmek, süýjüli, ýagly önümleri köp mukdarda iýmek ýa-da nädogry gün tertibini alyp barmak, ýagny günüň ikinji ýarymynda aşa köp iýmek we hereketsizlik (gipodinamiýa) ýürek-damar keselleriniň hem-de semizligiň döremegine getirýär. Semizlik adamyň diňe bir daşky görnüşine, häsiýetine täsir etmän, eýsem, birnäçe agyr keselleriň gözbaşy hasaplanýar. Semizlikde gandaky glýukozanyň, holesteriniň derejesi ýokarlanýar, möçberi artýar. Esasy çalşygyň bozulmagy netijesinde, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, gormonal çalşygyň bozulmalarynyň ýüze çykmagyna itergi berip, süýjüli diabetiň 2-nji tipiniň we ateroskleroz keselleriniň döremegine getirýär. 2-nji tipli süýjüli diabet häzirki döwrüň lukmançylygynda iň möhüm jemgyýetçilik meseleleriniň biri bolup durýar.

Ogulkeýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar