Geljegiň şäheri — bagtyň şäheri

14 Noýabr 2023
363

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň pajarlap ösdürilmegine, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şu ýyl dabaraly açylyşy bolan Arkadag şäheri bu gadymy mekana täze durmuşyň dolanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynyň üstünlikli amala aşyrylyp, onuň ikinji tapgyryndaky gurluşyklara ak pata berilmegi, degişli işleriň yzygiderli, sazlaşykly, ýokary depginli alnyp barylýandygy taslamalaryň maksatnamalaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. «Geljegiň şäheri» diýlip ykrar edilen bu şäherde saglygy goraýyş ulgamynyň binalary durmuş düzüminiň esasylarynyň hatarynda durýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäherine öwrülýän Arkadag şäherinde saglygy goraýyş işiniň sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri esasynda alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda 9 saglyk we sport binasynyň bardygyny guwandyryjy üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Täze şäherde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň merkezi edara ediş binasy hereket edýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sogaply işler alnyp barylýar, çagalaryň saglygyny berkitmek, degişli sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirmek boýunça ägirt uly goldawlar berilýär. Gaznanyň döredilen gününden bäri ýerine ýetirilýän işler baradaky maglumatlardan ybarat gymmatlyklaryň muzeýde ýerleşdirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.

Selbi BABAÝEWA,
Arkadag şäher Saglyk öýüniň anyklaýyş bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar