Sagdyn iýmitlenmegiň kadalary

10 Noýabr 2023
478

Dogry iýmitlenmek adaty adamlar üçin sagdyn bolmagyň esasy şerti bolsa, türgenler üçin-de ýokary netijeleri gazanmakda esasy zerurlyklaryň biridir. Irginsiz türgenleşikler dogry iýmitlenmek bilen utgaşdyrylanda oňyn netijeler uzak garaşdyrmaýar. Dogry iýmitlenmek üçin sportuň görnüşlerine laýyklykda gerekli azyk önümlerini saýlap almak hem zerurdyr.

Nohut, noýba, merjimek ýaly kösükli önümler askorbin turşusyna, PP witaminlerine, karotine we kükürde baýdyr. Olar ýoga, oýun görnüşleri, ýeňil atletika bilen meşgullanýan türgenler üçin aýratyn peýdalydyr. Düzüminde demir, sink ýaly minerallary, ýod, alma turşusyny, ýeňil özleşdirilýän beloklary saklaýan greçka hem ylgawçylar, welosipedçiler, woleýbolçylar üçin peýdaly iýmitdir. Tüwiden taýýarlanylýan önümleriň düzümindäki foliý turşusy, fosfor we sink bolsa boksçular, daga dyrmaşmak we aeorobika bilen meşgullanýanlar üçin peýdalydyr.

Aýna Gullyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar