Saglygymyzy goralyň!

13 Noýabr 2023
454

Süýjüli diabet keseliniň öňüni almaga, oňa garşy göreşiň netijeli bolmagyna, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmaga ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär. Her bir saglyk öýünde «saglyk mekdepleri» döredilip, bu ýere gelen raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almakda kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden çetde durmagyň, fiziki işjeňligiň, zähmet bilen dynç almagy utgaşdyryp alyp barmagyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Süýjüli diabet keselini iň irki döwürde ýüze çykarmak, bu keseliň döremeginiň öňüni almak üçin maşgala lukmanlary yhlasly zähmet çekýärler. Olar nesil yzarlaýjylygy bolan adamlary, semizlikden ejir çekýänleri, çaga dogran uly agramly zenanlary we uly agramly doglan çagalary gözegçilige alyp, olar bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň, keseliň öňüni alyş barlaglaryny geçmegiň bu keseli gizlin döwründe ýüze çykarmakda örän zerurdygyny düşündirýärler.

Süýjüli diabetiň sebäpleri boýunça birnäçe görnüşleri bar. I görnüşli süýjüli diabetde (insuliniň absolýut ýetmezçiligi) bedende tebigy ýagdaýda insuliniň işlenip çykarylmaýanlygy sebäpli, insuliniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Onuň ýüze çykmagynyň sebäpleri nesle geçijilik meýilliligi, wirusly keseller, daşky gurşawyň täsirleri, iýmit bolup biler. Süýjüli diabetiň II görnüşinde (insuliniň otnositel ýetmezçiligi) bedende insulin bölünip çykýar, ýöne ony öýjükler özleşdirip bilmeýär. Onuň ýüze çykmagynyň sebäpleri insuline durnuklylyk, nesle geçijilik meýilliligi, semizlik, az hereketlilik, insuliniň bölünip çykmagynyň bozulmagydyr. Süýjüli diabet keseliniň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak örän zerurdyr. Kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, açyk howada gezelenç etmek, suwda ýüzmek, welosiped sürmek, top oýnamak, bellenilen berhiz saçagyny saklamak hökmandyr.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar