Saglygymyz öz elimizde

14 Noýabr 2023
318

Ýokanç däl keselleriň hataryna degişli keselleriň biri-de süýjüli diabetdir. Adyndan belli bolşy ýaly, ýokanç däl kesel adamdan adama gatnaşykda bolmak ýa-da howa damjajyklary arkaly geçmeýär. Onuň bilen näsaglan adam daş-töweregi üçin howply däldir. Ýöne beýle näsag lukmanlaryň maslahatlaryny dogry ýerine ýetirmän, oňa sowuk-sala garasa, onda ol öz saglygy üçin howp döredip biler.

Süýjüli diabete nädogry iýmitlenip, aşa köp agram almak, az hereketlilikden agramyňy artdyrmak, nesilleýin meýillilik, ýygy duş gelýän nerw dartgynlylygy ýaly ýagdaýlar we stresler, ýokanç keseller, wiruslar sebäp bolýar. Seýrek hem bolsa, kähalatlarda çagalaryň arasynda süýjüli diabet keseliniň döremegine duş gelinýär. Muňa esasy sebäpleriň biri-de çaganyň irki ýaşda ene süýdi bilen däl-de, emeli süýt garyndylary bilen iýmitlendirilmegidir. Şeýle hem çagalara goşmaça iýmit berlende, düzüminde köp mukdarda emeli garyndylary saklaýan azyk önümleriniň ulanylmagy diabete getirip bilýär. Çaganyň aşa agram almagy, onda edil ulularda bolşy ýaly, ýygy stresleriň, wirusly we ýokanç keselleriň döremegi kesele sebäp bolýar. Süýjüli diabet bilen näsaglan adamlaryň käbiri özüniň şol kesel bilen näsaglandygyny hem bilmeýär. Olaryň kesel bilen näsaglandyklary öňüni alyş lukmançylyk gözegçiliklerinde ýüze çykarylýar. Köp iýmek, suw içmek, buşukmak, bedende agramyň artmagy keseliň ilkinji alamatlarydyr. Emma kesel wagtynda kesgitlenmedik bolsa, tersine agram ýitirmek, ukusyzlyk, tiz ýadamak we gaharjaňlyk süýjüli diabetiň alamatlary hökmünde ýüze çykýar. Bular ýüze çykan halatynda, dessine maşgala we endokrinolog lukmanlaryna ýüz tutmalydyr.

Nurgözel KÖMEKOWA,
Aşgabat şäheriniň 8-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar