Ýerhozy

14 Noýabr 2023
385

Ýerhozy kösükliler maşgalasyna degişli bolup, dünýäde iň kän ýaýran birýyllyk ösümlikdir. Ýyly howa şertlerinde gowy ösüp, kadaly ideg edilende bereketli hasyl eçilýär. Onuň boýy bary-ýogy 30-40 santimetre ýetse-de, bol miwe berýär. Ösümlik ekilende hersiniň arasynda 30-40 santimetr çemesi açyk aralyk goýmalydyr. Çünki ösümlik hasyla duranda gollary daş-töwerege ýaýraýar. Adatça ýerhozunyň hasylyny güýzde ýygnaýarlar. Gabygy gatansoň, ol baldagy bilen ýerden sogrulýar. Soňra hasylyň ýaramly-ýaramsyz görnüşleri saýlanyp, degişli saklanyş çäreleri geçirilýär.

Ýerhozy ýumşak topragy, Gün ýagtysyny hem-de suwuň aram mukdaryny halaýan ösümlikdir. Şol sebäpden bu ösümlik köplenç gyzgyn howa şertleri bolan ýurtlarda köpçülikleýin ekilýär. Sortunyň görnüşine hem-de howa şertlerine laýyklykda, ösümlik 120-160 günüň dowamynda ösýär. Ýerhozuny ekmek üçin has goýy öwüşgine eýe bolan, gabygynda hiç hili kemi bolmadyk uly maňyzlar tohum hökmünde ulanylýar. Tohumlyk üçin saýlanan ýerhozy ekiş möwsümine çenli gabykly saklanmalydyr. Ýerhozy ekilende ýer çyg bolmaly we ekmek üçin ýere 3-4 maňyz oklamak ýeterlikdir.Ýerhozy gögerip, boý alansoň, ýerastynda hasyla durar ýaly, ony wagtal-wagtal tommuklap durmaly.

Alty BABAÝEW,
Ahal welaýat psihiatriýa-narkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar