Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

14 Noýabr 2023
519

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar.

Güýz paslynda howanyň temperaturasynyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleri bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan hem kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de birmeňzeş kliniki alamatlar, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda ýitileşýär. Adatça, syrkaw birdenkä üşüdip ugraýar, ysgyndan gaçýar, gyzdyrýar. Bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Syrkawy doly gutulýança jemgyýetçilik ýerlerinden daşlaşdyrmaly. Öýde beýleki maşgala agzalarynyň bolýan otagyndan aýry otagda ýerleşdirilmeli we zerur bolmasa, onuň düşekden turmazlygyna gözegçilik etmeli. Otagyň içinde çygly arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Oňa özbaşdak antibiotik derman serişdeleri bermekden saklanmaly, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, onuň bellän bejergisini almaly.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar