Möwsümleýin kesellerden goranyň!

10 Noýabr 2023
403

Ýiti respirator keseli ýokary dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalaryna zeper ýetmegi bilen ýüze çykýar. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly arkaly näsag asgyranda, üsgürende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen beýleki adamlara ýokuşyp bilýär.

Adatça, bu kesel duýdansyz başlaýar. Immuniteti pes adamlarda köp duş gelýär. Ýiti respirator keseli bilen kesellänleriň gyzgyny ýokarlanýar, kellede, el-aýaklarda we bogunlarda agyry peýda bolýar. Umumy gowşaklyk alamaty ýüze çykýar, işdäsi peselýär. Bu alamatlar ýüze çykan dessine maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Öý şertlerinde bejergi alýan näsaglar hökman lukmanlaryň gözegçiligi astynda bolmaly.

Arslan GARAJAÝEW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň proktologiýa bölüminiň proktolog lukmany.
Beýleki habarlar