Döwrebap ösüşler

14 Noýabr 2023
377

Halkymyzda «Ähli zadyň sakasy saglyk» diýlen pähim bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, her bir raýatyň saglygy babatda uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar» diýip belleýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz Watanymyzda ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalary, lukmançylyk enjamlary, sanly ulgam ornaşdyrylan saglygy goraýyş edaralary, saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, keselleriň öňüni alyş we maslahat beriş merkezleri açylyp ulanmaga berilýär. Milli lukmançylygyň, häzirki zaman saglygy goraýşyň iň döwrebap tejribeleri ornaşdyrylan saglyk binalarynda halkara derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagy ussatlyk bilen başarýan tejribeli lukmanlar işleýärler. Bularyň ählisi halkymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolmagy üçin edilýän aladalardan nyşandyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler».

Maýagözel ALLANAZAROWA,
Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar