Ýokanç däl keseller: tagallalar birleşende

14 Noýabr 2023
374

Diabete garşy bütindünýä göreş güni Diabetiň halkara federasiýasy bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan bilelikde esaslandyrylyp, BMG-niň howandarlygynda halkara derejede her ýylyň 14-nji noýabrynda geçirilýän çäre hökmünde asylly däbe öwrüldi. Süýjüli diabet ýokanç däl kesellere degişlidir. Onuň döremegi aşgazanasty mäz tarapyndan bölünip çykarylýan insuliniň we oňa garaşly ýag, bagyr dokumalarynda bedeniň öz insulinine duýujylygynyň genetik peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Has takygy, insulin madda çalşygynyň ähli görnüşiniň, ýagny uglewod, ýag, protein, suw-duz çalşyklarynyň bozulmagy bilen ýüze çykýar. Netijede, ganyň glýukozasynyň kadadan (ajöze litrde 3,5 — 5,5 mmol) ýokarlanmagy sebäpli, beden agzalarynda (ýürek, nerw, göz, böwrek) düýpli bozulmalar bolup, ýüze çykýan irki ýiti we giçki gaýraüzülmeler näsagyň janyna howp salýan ýiti ýagdaýlaryň döremegine getirýär.

Diabetiň has giň ýaýran iki görnüşi bellidir. Bu keseliň çagalarda, köplenç halatda, 35 ýaşa çenli ýaşlarda ýüze çykýan birinji görnüşi aşgazanasty mäziň insulin bölüp çykarýan betta öýjüklerinde bolup geçýän dargama hadysasy sebäpli ganyň glýukozasynyň ýokarlanmagy bilen ýiti gaýraüzülmeleriň döremegine getirýär. Ol insulin ýetmezçiliginiň gyssagly öwezini dolmagy talap edýär. Ikinji görnüşi orta we ondan uly ýaşlylarda ýüze çykyp, bedendäki ilkibaşda ýeterlik derejede saklanýan insuline duýujylygyň doga genetiki peselmegi ýa-da oňa garaşly dokumalarda insulin duýujy reseptorlaryň sanynyň az bolmagy bilen baglanyşykly ganda glýukozanyň derejesiniň ýokarlanmagy hem-de nyşan agzalarynyň, ilkinji nobatda, gan damarlarynyň hem-de nerw süýümjikleriniň dargama hadysasy zerarly döreýär. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäde keseliň ilkinji gezek göwrelilerde ýüze çykarylýan görnüşi bolan gestasiýaly süýjüli diabetlileriň sanynyň artmagy hem lukmanlary onuň bejergisine düýpli çemeleşmäge çagyrýar. Çünki bu zenanlarda dogrum gaýraüzülmeleri bolup, olaryň esasy böleginde süýjüli diabetiň ikinji görnüşi ýüze çykarylýar. Çagalarda onuň döremeginiň ýokary töwekgelçiligi saklanýar.

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň lukmançylyk ylymlary bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar