"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Deňiz suwunyň peýdasy

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç bilen ýene-de işe başlamak peýdalydyr. Ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan ýurdumyzyň şypahanalarynda saglygyňy dikeltmekde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almakda ähli mümkinçilikler döredilendir. Deňiz suwunda ýod köp bolup, ol beýniniň funksiýasyny işjeňleşdirmäge, ýatkeşligi galkan şekilli mäziň işini gowulandyrmaga ýardam berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar.

Gün şöhlesinden goranyň!

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­mas­dan bu­run...» di­ýip nyg­taý­şy ýa­ly:

Alkyş size Arkadag

Saýat etrap hassahanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere we möhüm ulgamyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilýändigine bagyşlanylyp, dabaraly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakda edilýän aladanyň günsaýyn güýçlendirilýändigini dabaraly çärede çykyş edenler aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigine üns çekildi. Diňe bir biziň welaýatymyzda häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Ynha, şu durky täzelenilen hassahana hem şol ajaýyp desgalaryň biridir. Döwrebap hassahananyň hyzmat edip ugramagy etrabyň tutuş ilatynyň ruhuny iňňän ýokary galdyrýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen gurnalan hassahanany gurup berendigi üçin etrabyň ýaşaýjylary Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş baryny aýdýarlar. Çykyşlarda ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmakda, milli lukmançylygy dünýä ülňülerine laýyklykda ö

Sagdyn durmuş wagyz edildi

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap geňeşi hem-de etrap hassahanasy bilen bilelikde guran çärämiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlip atlandyryldy. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaş nesilleriň berk bedenli, edep-terbiýeli, arassa ahlakly kemala gelmekleri ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygyny goramakda beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak

Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda, bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huş ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, gaýraüzülmelere getirmegi mümkin.

Gün­den go­ra­na­lyň!

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Gün şöh­le­si­niň gyz­gyn­ly­gy ýyl-ýyl­dan ar­typ, bu ýag­daý, aý­ra­ty­nam, Gün şöh­le­si­niň ýi­ti we dik düş­ýan möw­sü­mi bo­lan to­mus pas­lyn­da has-da güýjeýär. Dog­ry ka­bul edi­len­de, D wi­ta­mi­niň çeş­me­si bo­lan Gün şöh­le­si­niň muk­da­ry art­sa, adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir edip, jöw­za­ly ys­sy­da Gün ur­ma ha­dy­sa­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin bol­sa Gün­den go­ran­mak ze­rur­dyr.

Aý­dym-saz we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Adam aý­dym diň­lä­nin­de beý­ni­si iş­jeň­leş­ýär. Aý­dym-saz diň­le­mek ar­ka­ly ada­myň akyl we be­den sag­ly­gy go­wu­la­şar.

Derde melhem şypahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym, lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de keselleriň öňüni almak wezipesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän şypahanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap, ähli amatlyklary bolan şypahanalar ynsan saglygyny dikeltmekde aýratyn orny eýeleýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Arkadagyň saglyk sahawaty

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramakda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen, häzirki zaman saglyk merkezlerinde halkymyzyň saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär, bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekligine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Onuň döredilen gününden şu güne çenli gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işler ýerine ýetirildi.

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesi bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda uzak wagtlap ýöremegiň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri pugta berjaý etmek maslahat berilýär. • Tomusda irden sagat 09:00-dan soň, öýlän sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Sahawatyň dünýä aýan, Arkadag!

Güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegi baradaky alada halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Elbetde, bu asylly ýol-ýörelgäniň sakasy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle bolan mähir-muhabbetinden gözbaş alýar. «Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr» diýip belleýän Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň, esasan hem, çagalaryň bagtyýarlygy we saglygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary olaryň ykballaryna sowulmajak bagty bagyşlaýar. Bu hakykata biz — lukmanlar her gün iş pursadymyzda şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi birnäçe maşgalalary bagtyýarlyga besledi. Lukman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň saglygynyň dikeldilýändigine, olaryň hossarlarynyň bolsa mähriban Arkadagymyza alkyşlarynyň tükeniksizdigine her gün, her pursatda şaýat bolýarys. Çünki Milli Liderimiz howandarlyga mätäç çagalaryň arkasynda dag ýaly durup, körpelere we olaryň maşgalasyna sag

Gün urmadan ägä boluň!

Tomus paslynyň yssy günlerinde saglyk üçin zyýanly ýagdaýlaryň — Gün urmanyň ýüze çykýan halatlary duş gelýär. Gün urma adam üçin howpludyr. Ol, köplenç, uzak wagtlap yssy howada Günüň ýiti şöhlesiniň adama göni täsir etmegi zerarly ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda Gün şöhlesiniň bedene güýçli täsiriniň netijesinde, näsagda huş ýitirme ýagdaýynyň ýüze çykmagy hem mümkin. Gün urma ýüze çykanda näsagy salkyn jaýa ýa-da Gün düşmeýän salkyn kölegä geçirmeli. Daşky egin-eşigini çykarmaly. Kellesiniň, aýaklarynyň aşagyna ýumşak zat goýup, ýatyrmaly. Näsaga köp mukdarda arassa ýa-da mineral suw, ýuwan çaý, az-kem şeker ýa-da duz goşulan suw bermeli. Näsagyň ýüzüni, boýunlaryny sowuk suwda ezilen hasa bilen süpürmeli. Maňlaýyna, ýeňsesine sowuk suwda ezilen hasa goýmaly. Dem alşynyň erkin we rahat bolmagy üçin arassa, çygly howa akymy bilen üpjün etmeli — ýelpemeli. Eger-de ýagdaýy agyr, huşundan gitme alamatlary bar bolsa tizden-tiz lukman çagyrmaly. Lukman gelýänçä ýürek bulanma ýagdaýlary ýüze çyksa, dem alyş ýollaryny arassalamaly, näsagy gapdala ýatyrmaly.

Tomus pasly üçin maslahatlar

Tomus paslynda howanyň gyzgynlylygynyň derejesi ýokarlanýar. Günüň ýiti şöhlesi saglyga ýaramaz täsir edip, ysgynsyzlyga, bedeniň suwuklyk derejesiniň peselmegine, deriniň guramagyna getirýär. Şol sebäpli tomsuna dogry iýmitlenmek we möwsüme görä egin-eşikleri saýlamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Şeýle-de tomus günlerinde şu aşakdaky düzgünlere eýermeklik maslahat berilýär. — Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli.

Saglygymyzy goralyň!

Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap ýa-da ýaglyk daňynyň. Çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 06.00-09.00-a çenli öýlän 18.00-dan soň pasla görä geýnüwli gezelenç ediň.

Tomsuň yssy günlerinde

aşakdaky maslahatlary berjaý etmeli Howanyň gyzmagy bilen adam bedeninde üýtgeşmeler bolup geçýär. Jöwzaly tomus günlerinde gan damarlary giňelýär, derleme hadysasy güýçlenýär. Beden artykmaç gyzgyny daşary çykarýar, der mäzleri arkaly özüni ýokary gyzgynlykdan goraýar. Ýöne aşa köp derlemek hem peýdaly däldir. Sebäbi bu ýagdaýda der bilen daşary çykarylýan suwuklyk ýokumly elementleriň ýitirilmegine getirýär. Netijede, dem alyş ýygylaşýar, ýürek urşy seýrekleşýär, gan goýalýar, arterial gan basyşy peselýär, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar.

Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy ösdürilip, adamyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýurdumyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde kesgitlenmek bilen, ynsan saglygyny goramak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Täze hassahanalaryň, merkezleriň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy, bu ugurda badalga berlen giň gerimli özgertmeler, işlenip düzülen maksatnamalar   «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlar esasynda ýurdumyzda adam hakynda uly alada edilýändigini görkezýär. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady täze kanunlaryň kabul edilmegi we hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň girizilmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Olaryň maksady raýatlaryň saglygynyň goralmagyna we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine, ornaşdyrylmagyna gönükdirilmek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreş çärelerini öz içine alýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan ýurdy bolan Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmäge hem-de sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwes barha artýar, bu babatda alnyp barylýan işler rowaçlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny artdyrmak, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, sagaldyş we keselleri anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, saglyk öýleri ulanmaga berilýär. Olarda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga uly üns berilýändigine kepil geçýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Suwda ýüzmek üçin ýerine ýetirmeli düzgünler!

Tomus aýlary yssy günler-de dynç alyş pursatlarynda, suwda ýüzmek bilen adatdan daşary howply ýagdaýlar bolup bilner. Ine, tomusda ýüzýän wagtyňyzda sizi we ýakynlaryňyzy howpsuz saklamaga kömek edýän birnäçe düzgünlere üns beriň. 1.   Sebiti üns bilen öwreniň.Halas ediji gullugy bar bolan kenarlarda ýüzmek iň gowusydyr. Enjamlaşdyrylan kenarlarda howpsuz ýüzmek meýdançalary we gyssagly halas ediş enjamlary bilen üpjün edilendir. Hünärmenleriň bolmagy töwekgelçiligi ep-esli azaldar.

Gün şöhlesiniň saglyga täsiri

Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär, keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Günüň çogy edil beden maşklary ýaly peýdalydyr. Gün şöhlesi ýüregiň myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyryp, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gan basyşy pes adamlara güneş täsir edip, ony kadaly ýagdaýa getirýär. Ýöne Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däldir. Jöwzaly tomus günlerinde adamy Gün urup bilýär. Gün urmasy howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär. Gün uranda kelle gyzyp, näsag ilki ýadawlyk, gowşaklyk, aýaklarynda, arkasynda agyry duýýar, kellagyry, başaýlanma döräp bilýär. Bu alamatlara soňra göz öňüniň garaňkyramagy, dem alşyň we ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Şeýle ýagdaýda näsaga öz wagtynda kömek bermeli. Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän näsagyň ýagdaýy beterleşip, ýüzüniň reňki gögümtil bolýar, bedeni has gowşaýar, dem alşy, damar urşy peselýär. Gün uran näsag huşuny ýitirýär, samrap, sandyrap, gyzdyryp, kähalatlarda burny ganaýar, gan basyşy bolsa peselýär.