Deňiz suwunyň peýdasy

1 gün öň
133

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç bilen ýene-de işe başlamak peýdalydyr. Ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan ýurdumyzyň şypahanalarynda saglygyňy dikeltmekde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almakda ähli mümkinçilikler döredilendir.

Deňiz suwunda ýod köp bolup, ol beýniniň funksiýasyny işjeňleşdirmäge, ýatkeşligi galkan şekilli mäziň işini gowulandyrmaga ýardam berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar.

Mähri ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 11-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar