Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

26 Iýun 2024
43

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy ösdürilip, adamyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýurdumyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde kesgitlenmek bilen, ynsan saglygyny goramak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Täze hassahanalaryň, merkezleriň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy, bu ugurda badalga berlen giň gerimli özgertmeler, işlenip düzülen maksatnamalar   «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlar esasynda ýurdumyzda adam hakynda uly alada edilýändigini görkezýär.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady täze kanunlaryň kabul edilmegi we hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň girizilmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Olaryň maksady raýatlaryň saglygynyň goralmagyna we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine, ornaşdyrylmagyna gönükdirilmek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreş çärelerini öz içine alýar.

Raşid GOŇURJAÝEW,
Balkanabat şäheriniň döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar