Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak

27 Iýun 2024
76

Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler.

Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda, bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huş ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, gaýraüzülmelere getirmegi mümkin.

Göwher MÜLKIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar