Arkadagyň saglyk sahawaty

26 Iýun 2024
69

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramakda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen, häzirki zaman saglyk merkezlerinde halkymyzyň saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär, bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekligine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Onuň döredilen gününden şu güne çenli gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işler ýerine ýetirildi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar