Gün urmadan ägä boluň!

26 Iýun 2024
72

Tomus paslynyň yssy günlerinde saglyk üçin zyýanly ýagdaýlaryň — Gün urmanyň ýüze çykýan halatlary duş gelýär. Gün urma adam üçin howpludyr. Ol, köplenç, uzak wagtlap yssy howada Günüň ýiti şöhlesiniň adama göni täsir etmegi zerarly ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda Gün şöhlesiniň bedene güýçli täsiriniň netijesinde, näsagda huş ýitirme ýagdaýynyň ýüze çykmagy hem mümkin.

Gün urma ýüze çykanda näsagy salkyn jaýa ýa-da Gün düşmeýän salkyn kölegä geçirmeli. Daşky egin-eşigini çykarmaly. Kellesiniň, aýaklarynyň aşagyna ýumşak zat goýup, ýatyrmaly. Näsaga köp mukdarda arassa ýa-da mineral suw, ýuwan çaý, az-kem şeker ýa-da duz goşulan suw bermeli. Näsagyň ýüzüni, boýunlaryny sowuk suwda ezilen hasa bilen süpürmeli. Maňlaýyna, ýeňsesine sowuk suwda ezilen hasa goýmaly. Dem alşynyň erkin we rahat bolmagy üçin arassa, çygly howa akymy bilen üpjün etmeli — ýelpemeli. Eger-de ýagdaýy agyr, huşundan gitme alamatlary bar bolsa tizden-tiz lukman çagyrmaly. Lukman gelýänçä ýürek bulanma ýagdaýlary ýüze çyksa, dem alyş ýollaryny arassalamaly, näsagy gapdala ýatyrmaly.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar