Gün şöhlesiniň täsiri

26 Iýun 2024
55

Gün şöhlesi bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda uzak wagtlap ýöremegiň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri pugta berjaý etmek maslahat berilýär.

• Tomusda irden sagat 09:00-dan soň, öýlän sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Tirkeş HOJAGELDIÝEW,
Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar