Tomsuň yssy günlerinde

26 Iýun 2024
36

aşakdaky maslahatlary berjaý etmeli

Howanyň gyzmagy bilen adam bedeninde üýtgeşmeler bolup geçýär. Jöwzaly tomus günlerinde gan damarlary giňelýär, derleme hadysasy güýçlenýär. Beden artykmaç gyzgyny daşary çykarýar, der mäzleri arkaly özüni ýokary gyzgynlykdan goraýar. Ýöne aşa köp derlemek hem peýdaly däldir. Sebäbi bu ýagdaýda der bilen daşary çykarylýan suwuklyk ýokumly elementleriň ýitirilmegine getirýär. Netijede, dem alyş ýygylaşýar, ýürek urşy seýrekleşýär, gan goýalýar, arterial gan basyşy peselýär, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar.

Toýbibi GULMÄMMEDOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany.
Beýleki habarlar