Alkyş size Arkadag

28 Iýun 2024
71

Saýat etrap hassahanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere we möhüm ulgamyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilýändigine bagyşlanylyp, dabaraly çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakda edilýän aladanyň günsaýyn güýçlendirilýändigini dabaraly çärede çykyş edenler aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigine üns çekildi. Diňe bir biziň welaýatymyzda häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Ynha, şu durky täzelenilen hassahana hem şol ajaýyp desgalaryň biridir. Döwrebap hassahananyň hyzmat edip ugramagy etrabyň tutuş ilatynyň ruhuny iňňän ýokary galdyrýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen gurnalan hassahanany gurup berendigi üçin etrabyň ýaşaýjylary Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş baryny aýdýarlar. Çykyşlarda ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmakda, milli lukmançylygy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmekde gazanylýan guwandyryjy netijeleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlangyjy goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer syýasatyň miwesidigi barada buýsanç bilen aýdyldy.

Babajan MEDALIÝEW,
Saýat etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar